Russiýanyň “Fight Nights Global” promouterlik kompaniýasynyň başlygy Kamil Gajiýew UFC çempiony Habib Nurmagomedowyň tälimçisi we kakasy Abdulmannop Nurmagomedowyň saglyk ýagdaýy hakynda maglumat berdi.
Mälim bolmagyna görä, Abdulmannop Nurmagomedow koronawirus infeksiýasy bilen keselläpdi we ol häzirki wagtda agyr ýagdaýda Moskwadaky keselhanalaryň birinde bejergi alýar. Käbir çeşmeleriň maglumatlaryndan belli bolşy ýaly, tanymal tälimçi gowulaşýar diýip aýtmak üçin häli ir. Emma bu babatda käbir gowy özgerişler hem bar.
Gajiýew bu barada şeýle diýýär: “Ähli maglumatlary anyk bilmeýän. Ýöne Habibiň kakasynyň saglygy oňyn depgine eýedigini eşitdim”
Toýly Muhammetdurdyýew
Magtymguly adyndaky TDU-nyň žurnalistika hünäriniň talyby