Russiýada koronawirus ýokanjynyň ýaýramagy bilen bagly ýagdaý ýuwaş-ýuwaşdan gowulanýar. Moskwada oňyn depgine gözegçilik edilýär. Bu hakynda Russiýanyň Baş ministri Mihail Mişustiniň sözlerine esaslanyp, “RIA Nowosti” habar berýär.
Hökümet ýolbaşçysynyň berýän goşmaça maglumatlaryna görä, ýurtda “COVID-19” has soňrak ýaýran çäklerde häzirki wagtda-da bar. Şol sebäpli hem bu ýerlerde koronawirus halatlary ýokarylygyna galýar. Mihail Mişustiniň hut özi bu ýerlere saglygy goraýyş edaralarynyň tejribeli hünärmenlerden düzülen toparlary ibermegi dowam etmelidigini aýdýar.
15-nji iýun ýagdaýyna görä, Russiýada 537 210 adamda koronowirus ýokanjy anyklanan hasaplanýar. Pandemiýa sebäpli 7 091 sany ölüm ýagdaýy bellige alnypdyr. Ýokanjy ýeňmegi başaranlaryň sany bolsa 284 539 adam töweregi bar. Maglumat hökmünde belläp geçsek, Russiýanyň premýer-ministri Mihail Mişustine hem koronawirus ýokuşpdy we ol hassahada bejergi alypdy.
Toýly Muhammetdurdyýew
Magtymguly adyndaky TDU-nyň žurnalistika hünäriniň talyby