Amerikaly 72 ýaşly Maýkl Flor koronawirus sebäpli tas bu ýagty dünýä bilen
hoşlaşypdy. Emma Flor “COVID-19-y ýeňip geçmägi başardy. Lukmanlar onuň
eline keselhana harajatlary ýazylan juda gorkunç kagyzy tutdurdylar.
Koronawirusa ýolugan Maýkl Flor 4-nji mart güni keselhana ýatyryldy we bu
ýerde 62 gün bejergi aldy. Bu wagt aralygynda ol ölüme şeýle bir ýakyn geldi
welin, bir gezek şepagat uýalary onuň aýaly we çagalaryna telefon edip Flor bilen
didarlaşyp galmaklaryny sorapdyrlar.
Ýöne Flor sagaldy we 5-nji maý güni şepagat uýalarynyň gyzgyn el
çarpyşmalary astynda keselhanadan çykdy. Onuň eline 181 sany kagyzdan ybarat
1 112 501,04 dollar mukdardaky töleg kagyzy gelip düşdi. Bu töleg kagyzlarynda
hasap-hesip edilen harajatlaryň içinde şu aşakdakylar hem bardy.
Renemasiýa bölüminde ýatan her bir güni üçin nyrhy 9736 dollardan bolup,
Flor bu bölümde 42 gün bejergi alypdyr. Umumy hasap bilen renematsiýa
bölüminde ýatany oňa 409 000 dolara düşüpdir. 82 000 dollar emeli kislorod beriji
wentilýatorlardan 29 gün dowamynda peýdalanany üçin, şeýle hem, onuň ölüm
howpy ýokary bolan iki gün üçin ýene 100 000 dollar mukdarda pul tölemekligi
gerekligi ýazylypdyr.
“Times” neşiriniň ýazmagyna görä, Floryň keselhana harajatlaryny ABŞ-nyň
garrylar üçin düzülen “Medicare” ätiýaçlandyryş guramasy töläpdir.

Toýly Muhammetdurdyýew
Magtymguly adyndaky TDU-nyň žurnalistika hünäriniň talyby