Gondurasyň Prezidenti Huan Orlanda Ernandes we onuň ýanýoldaşy Ana
Garsiýa Karias koronawirus bilen hassalandy. Prezidentiň aýtmagyna görä, geçen
dynç günleri ol özüni bihal duýupdyr. Şondan soň onuň koronowirusa tabşyran
testi položitel netije beripdir. Ernandes bu ýagdaý onuň aralykdan durup öz
wezipelerini ýerine ýetirmegine päsgel bermejekdigini aýdýar. Ýöne prezident iş
ýerindemi, öýündemi, ýa-da harby hassahanadamy oňa welin, anyklyk girizmeýär.
Gondurasyň döwlet ýolbaşçysy bejergi almaga başlady we häzirki wagtda özüni
oňat duýýandygyny aýdýar. Ernandes ilaty koronowirusa ýokuşmazlyk üçin ähli
çäreleri görmäge çagyryp şeýle diýýär: “Maňa dynç almagy maslahat berdiler.
Ýöne men öz işimi dowam etdirerin we işgärlerim arkaly elektron görkezmeleri
berip duraryn. Başgaça aýdanda, men aragatnaşykda galaryn”.
Ýene-de şuny belläp geçmek zerur hasap edýäris. Huan Orlanda Ernandes we
onuň ýanýoldaşy Ana Garsiýa Karias Latyn Amerikasynda koronawirus bilen
hassalan ilkinji prezident jübütligidir.
Soňky maglumatlarada aýdylyşyna görä, Gondurasda häzirki wagtda 9,6 müň
adama koronawirus ýokuşypdyr. Olaryň 330 sanysy bolsa aradan çykypdyr.
Toýly Muhammetdurdyýew
Magtymguly adyndaky TDU-nyň žurnalistika hünäriniň talyby