Ispaniýa Pulmonologiýa we torakal hirurgiýa jemgyýetiniň (SEPAR)
ýolbaşçysy Eusebi Çiner we dietolog Aleksandro Kanowas dem alyş organy –
öýkeni koronawirusdan goraýjy önümleriň adyny mälim etdiler.
Bellenilmegine görä, ýumurtga, tüwi, balyk we maňyz önümleri dem alyş
ulgamyny berkitmäge kömek edýär. Meselem, öýkeniň ýagdaýy erbetleşende,
bedeniň beloga bolan islegi artýar. Ýumurtgalar bolsa beloga baý hasaplanýar.
Pomidor hem koronawirus döwründe bedene öte gowy täsir edýär. Onda S
witamini bar. Şeýle-de süýt önümleri we suw bedene oňyn täsir edýär.
Ispaniýaly pulmonologyň sözlerine esaslansak, dem alyş agzalary dogry
iýmitlenmekden daşary, ýeterlik derejede ukyňy almagyňa we fiziki maşklary
ýerine ýetirmegiňe hem baglydyr.

Toýly Muhammetdurdyýew
Magtymguly adyndaky TDU-nyň žurnalistika hünäriniň talyby