Ysraýylly alymlar koronawirusy ýokary derejeli gyzgynlygyň kömegi bilen
ýok edýän köp gezeklik maskany oýlap tapdylar. Bu barada Sputnik habar berýär.
Tehnion uniwersiteti ylmy-barlaglar toparynyň ýolbaşçysy professor Ýaira
Eýn-Eliniň bellemegine görä, koronawirusy ýok etmek üçin bary-ýogy 30 minut
wagt gerek bolup durýar. Maskada USB-port bar. Onuň bilen edil smartfonyňky
ýaly elektrik çeşmesine baglap bolýar. Soňra maska 70 dereje gyzgynlyga çenli
gyzýar. Bu bolsa koronawirusy ýok etmäge mümkinçilik berýär. Ýöne
dezinfeksiýadan öňünçä gorag serişdesini çykarmak gerek hasaplanýar.
Önümi giň gerimli öndürmek meselesi häzirki wagtda maslahatlaşylýar. Onuň
bahasy adaty maskanyň bahasyndan bary-ýogy 1 dollar gymmat bolmagy mümkin.

Toýly Muhammetdurdyýew
Magtymguly adyndaky TDU-nyň žurnalistika hünäriniň talyby