Ispaniýanyň “Real” futbol klubynyň horwatiýaly ýarym goragçysy Luka
Modriç Madridiň toparyna portugaliýaly hüjümçi Kriştianu Ronaldu
ýetmeýänligini aýdyp geçdi. Bu hakda ispan HBS-i habar berýär.
Bu barada horwatiýaly futbolçy şeýle diýýär: “Ronaldu – futbol taryhynda iň
gowy oýunçylaryň biri. “Realda” häzir onuň gollary we häsiýeti ýetmeýär.
Kriştianu hemişe ýeňiş gazanmagy islärdi. Bu bizi ýeňşe sary iteklärdi. Göreşmäge
ruhlandyrardy”.
Ronaldu 2009-njy ýyldan 2018-nji ýyla çenli Ispaniýanyň ýygyndy toparynyň
abraýyny gorapdy. Soňra bolsa ol Italiýanyň “Ýuwentus” futbol toparyna geçipdi.
Öňki habarlarymyzda belläp geçişimiz ýaly, Kriştianu Ronaldu dünýäde
ilkinji milliader futbolçy. Sport äleminde bolsa üçinji milliader sportçy bolmagy
başardy. Bularyň ählijesi onuň dynuwsyz zähmeti, futbola bolan söýgüsi, ukyp-
başarnygynyň netijesidir. Ol birnäçe ýylyň dowamynda futbol ugry boýunça
ýaryşlaryň iň köp gol salan futbolçysy hökmünde taryha girdi. Futbol äleminde
bolsa, köp sanly baýraklaryň, altyn toplaryň eýesi bolmagy başardy.
Toýly Muhammetdurdyýew
Magtymguly adyndaky TDU-nyň žurnalistika hünäriniň talyby