«Türkmenistanyň raýat awiasiýasyny ösdürmegiň 2012 — 2030-njy ýyllar
üçin Milli maksatnamasynda» göz öňünde tutulan wezipeleri üstünlikli durmuşa
geçirmek, şeýle hem howa gämileriniň düzümini yzygiderli döwrebaplaşdyrmak
hem-de ýük gatnawlarynyň möçberlerini artdyrmak maksady bilen,
Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda,
«Türkmenhowaýollary» agentligine «Boeing 777-200F» kysymly ýük howa
gämisini satyn almak barada Germaniýa Federatiw Respublikasynyň «Airсraft
Finanсe Germany GmbH.» kompaniýasy bilen şertnamany baglaşmaga ygtyýar
berildi.
BAŞ SAHYPA: Syýahatçylyk «Türkmenhowaýollary» agentliginiň awiaparkyna «Boeing 777-200F» ýük howa gämisi goşular
«Türkmenhowaýollary» agentliginiň awiaparkyna «Boeing 777-200F» ýük howa gämisi goşular
