Hökümetiň anna güni geçirilen mejlisinde hormatly Prezidentimiz
Gurbanguly Berdimuhamedowa golaýda tamamlanan arheologik barlag
möwsümiň jemleri barada hasabat berildi.
Geçen möwsümde «Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen
Türkmenistanyň çägindäki taryhy-medeni ýadygärliklerde 2018 — 2021-nji
ýyllarda gazuw-agtaryş işlerini geçirmegiň we medeni mirasy ylmy esasda
öwrenmegiň hem-de wagyz etmegiň Döwlet maksatnamasyna» laýyklykda,
türkmen alymlary we hünärmenleri tarapyndan Ahal welaýatynyň
çägindäki orta asyr Abiwerd galasynda işler dowam etdirildi.
Şol bir wagtyň özünde, ýurdumyzyň beýleki bir sebitinde, Balkan
welaýatynyň çägindäki orta asyr Dehistanyň Juma metjidiniň peştagyny
rejelemek işleri tamamlandy. Bu metjit ХIII asyryň başlarynda iň soňky
Horezm şasy Muhammet II tarapyndan gurdurylypdyr.
Şeýle hem Daşoguz welaýatynda ýerleşýän Köneürgenç ýadygärlikler
toplumynyň düzümine girýän «Kerwensaraý» ady bilen tanalýan
ýadygärlikde arheologik gazuw-barlag işleri dowam etdirildi.
Şol döwürde Lebap welaýatynyň çäginde ýerleşýän Daýahatyn
kerwensaraýynda rejeleýiş işleriniň 2-nji tapgyry tamamlandy.
Mary welaýatynyň Baýramaly şäheriniň golaýyndaky Abdyllahan
galasynda arheologik — gözleg işleri dowam etdirildi.
Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek
hem-de rejelemek baradaky milli müdirligi tarapyndan guralan arheologik
ekspedisiýalar bilen bir hatarda, ýurdumyzyň welaýatlarynyň çäklerinde
arheologik gözleg işleri hem alnyp barylýar.
Netijede, ozal hasaba alynmadyk ýadygärlikleriň ençemesi ýüze
çykaryldy we hasaba alyndy. Şeýlelikde, ozal Türkmenistanyň milli taryhy-
medeni mirasynyň Döwlet reýestrinde duran ýadygärlikleriň umumy sany
1397 bolan bolsa, häzir olaryň sany 1422-ä ýetdi.
BAŞ SAHYPA: Medeniýet Türkmenistanyň Döwlet reýestrinde duran ýadygärlikleriň umumy sany 1422-ä ýetdi
Türkmenistanyň Döwlet reýestrinde duran ýadygärlikleriň umumy sany 1422-ä ýetdi
