Azerbaýjanda koronawirus ýokuşanlaryň sanynyň köpelýänligi sebäpli
hökümet 21-nji iýundan 5-nji iýula çenli paýtagt Baku, Ganja, Sumgait, Lenkoran,
Ýewlah, Massali, Jeliladad ýaly iri şäherlerde we Baku şäherine ýakyn Apşeron
etrabynda karantin çäreleri berkleşdirildi. Bu çäkleriň ählisi köp sanly kesellileriň
bellige alnan birinji klasterine girýär.
Hökümet kararyna görä, bu wagt aralygynda dükanlar we dermanhanalardan
daşary, iri söwda merkezleri ýene-de ýapylar. Muzeýleriň, sergiler zallarynyň,
dellekhanalaryň, gözellik salonlarynyň işi togtadylar. Ýöne weterinar klinikalar,
durmuş üpjünçilik hyzmatlary, jemagat ulaglary, metrolar bolsa işlemegini.
Döwlet kärhanalary we býudjet edaralary hem-de karantin wagtynda öz işini
dowam etdirmäge rugsat berilýän pudaklarda zähmet çekýän kompaniýalaryň
işgärleriniň bir bölegi uzak aralykdan işlemeklige geçiriler.
Başga raýatlara 5-nji aprelden 18-nji maýa çenli amal eden, öýüňi terk etmek
üçin SMS rugsat almak ulgamy ýene-de ýola goýular. Oňa görä, raýatlar ýaşaýan
ýerlerini diňe üç ýagdaýda terk etmekleri mümkin bolar. Şeýlelik-de raýatlar,
lukmançylyk maglumatnamasyny almak üçin, azyk harytlaryny we däri-derman
almak üçin, poçta we banka barmak hem-de gezelenç etmek üçin, ýakyn
garyndaşlaryny soňky menzile ugratmak üçin öýlerini terk edip bilerler.
Ýatladyp geçsek, Azerbaýjanda 24-nji martdan ýörite karantin düzgünleri
girizilen bolup, ol 18-nji maýdan 1-nji awgusta çenli uzaldyldy. Bu karar döwletde
çäklendirmeleriň ýumşadylmagy sebäpli ýokanç keseller halatynyň erbetleşmegi
sebäpli kabul edilipdi.
Azerbaýjanda 19-njy iýun güni täze kesellemek ýagdaýlarynyň 400-den
gowragy hasaba alyndy. 20-nji iýunda bolsa pandemiýa dowamynda iň köp
günlük kesellemek halaty bellige alnyp, 471 sany adamda ýokanç ýüze çykdy.
Soňky maglumatlara görä, döwletde koronawirusa ýoluganlaryň sany 12 müňden
köpräk hasap edilýär. Şolaryň bolsa 148 sanysy aradan çykanlar, 6516 sanysy
bolsa sagalanlardyr.
Toýly Muhammetdurdyýew
Magtymguly adyndaky TDU-nyň žurnalistika hünäriniň talyby