Ýewropaly alymlar koronawirusyň adamda agyr ýa-da ýeňil geçmegi onuň gan
toparyna hem-de nesil aýratynlyklaryna bagly hasaplaýarlar.
“The New England Journal of Medecine” žurnalynda çap edilýän ylmy
maglumatlarda aýdylmagyna görä, A gan toparyna eýe adamlaryň koronawirusy
ýokuşdyryp almak howpy ýokary we olarda bu kesel birazrak agyr geçýär.
Germaniýaly Doktar Andre Franke we Oslo uniwersiteti keselhanasynda
işleýän Tom Karlson baştutanlygyndaky ylmy-barlagçylar Ýewropada
koronawirus özüniň iň ýokary nokadyna ýeten pursadynda ony kynçylyk bilen
geçirýän näsaglaryň görnüşine meňzeş adamlary tapmak üçin 4000-den artyk
adamyň geni öwrenildi.
Mälim bolşuna görä, geni dürli hilli nesilleriň ýygyndysyndan kemala gelen
näsaglarda koronawirusyň agyr geçýändigine gözegçilik edildi. Şeýle-de,
koronawirusyň howplulyk derejesi A gan toparyna eýe näsaglarda başga gan
toparlaryna eýe adamlardan 45 göterim ýokary bolýar.
Bu barada ABŞ-nyň Saglygy goraýyş milli institutlarynyň müdiri Fransis
Kollins şeýle belleýär: “Umyt edýäris, bu we başga açyşlar “COVID-19”-i gowy
düşünmäge ýol açýar. Şeýle-de, olar nesil barlaglary we adamyň gan topary
näsaglarda koronawirusyň haýsy derejesi bolmagy mümkinligi hakynda peýdaly
maglumatlary bilmek mümkinçiligini berýär”.

Toýly Muhammetdurdyýew
Magtymguly adyndaky TDU-nyň žurnalistika hünäriniň talyby