Hindistan, Pakistan we başga-da birnäçe döwletlerde koronawirus ýokanjynyň
ýaýramagy artýar. Onuň ilata salýan ezýeti, ölümleriň sany we ýaýraýyş geriminiň
has-da giňelmegi bu ady agzalan ýurtlarda yzygiderli kynçylyklary döredýär.
Jon Hopkins uniwersitetiniň berýän maglumatlara görä, dünýäde koronawirus
bilen näsaglanlaryň sany 8,4 million adamy düzýär. Şolaryň 450 000 sanysynyň
bolsa aradan çykandygy hakynda aýdylýar.
Pakistanyň Penjap welaýatyndaky birnäçe şäherler belli bir derejde karantina
alyndy. Welaýat 100 milliondan artyk ilata eýe. Soňky hepdelerde käbir ýerlerde,
esasan hem welaýat dolandyryş merkezi Lahorda koronawirus bilen kesellänleriň
sany juda artýar. Penjapda jemi 60 müňe ýakyn koronawirus ýokanjy bellige
alyndy. Welaýatda diňe azyk harytlarynyň dükanlary we dermanhanalar açyk.
Jemgyýetçilik ulaglary işlemeýär. Hususy ulaglaryň hereketine hem ýol
berilmeýär.
Hindistan rekord derejedäki kesele ýoluganlaryň sany 12 881 sany ýagdaý
hasaba alyndy. Delide Saglygy Goraýyş ministrine hem koronawirus ýokanjy
degipdir. Ol ilkinji deminiň gysylmagy we gyzgynynyň belent bolmagy bilen
şikaýat edipdir. Mumbaýda müňläp adamlar keseli özlerine ýokuşdyrypdyrlar.
Ýöne Hindistan ykdysady ýetmezçilikleriň ýüze çykmagy sebäpli karantin
çärelerini ýumşadýar. Hindistan wirusyň ýaýraw derejesi boýunça dünýäde
dördünji orny eýeleýär. Döwletde 382 müňe ýakyn adam kesel bolup, 12 573 sany
adam bolsa aradan çykdy. 205 müň adam bolsa wirusdan sagalmagy başardy.
Toýly Muhammetdurdyýew
Magtymguly adyndaky TDU-nyň žurnalistika hünäriniň talyby