Braziliýaly futbol ýyldyzy Neýmaryň “Berselona” toparyndan özüne tölenmeli
pullaryny alyp bermegini haýyş edip suda eden ýüz tutmasy inkär edildi. Sud
gaýtam, Neýmar “Berselona” toparyna 6,7 million ýewro (7,53 million dollar)
mukdardaky pul serişdelerini gaýtaryp bermegi gerekligi hakynda höküm çykardy.
Neýmar 2017-nji ýylda rekord mukdardaky pul 222 million dollar öwezine
PSŽ toparyna geçeninden soň özüniň öňki topary “Barselonanyň” suda beren we
ondan 43,6 million ýewro pul talap edipdi. Ýöne sud braziliýaly futbolçynyň
şikaýatlaryny kabul etmedi we “Barselona” klubynyň peýdasyna höküm çykardy.
Indi ol bäş gün içinde suda appelýasiýa bermegi mümkin.
Neýmar “Barselona” klubynyň düzümine 2013-nji ýylda goşulypdy. Ol 2016-
njy ýylda topar bilen täze bäş ýyllyk şertnama gol çekipdi. Bu şertnama 43,6
million ýewro mukdardaky baýrak puly tölenilmegine razylaşypdy. Ol 14 milliony
öňünden alypdy. Galan 29 million ýewro 2017-nji ýylyň awgustynda tölenmegi
gerekdi. Emma 2017-nji ýylyň 3-nji awgustynda Neýmar “Barselona” toparyny
terk etdi.
Şondan soň, “Barselona” Neýmara şertnamasy bozulan we galan serişdeleri
tölenmezligini aýtdy. Öz nobatynda “Barselona” hem Neýmar üstünde suda
şikaýat edip, öňünden tölenen 14 million ýewrony gaýtarmagy gerekdigini we
ýetirilen zyýanlar üçin ýene 8,5 million ýewro tölemegini sorapdyr.
Bu barada “Barselona” kluby şeýle diýýär: “Suduň hökümine görä, Neýmaryň
43,6 million ýewrony almak hakyndaky şikaýaty dolulygyna inkär edildi we
“Barselona” peýdasyna karar çykaryldy. Indi futbolçy Barselona toparyna 6,7
million ýewro gaýtarmagy gerek”.
“Barselona” we Neýmaryň arasyndaky maliýe düşünişmezçiliklerine
garamazdan futbolçy we klubyň ikisi hem gaýta birleşmek isleginde. Hatda geçen
ýyl “Barselona” topary we Neýmar barada duşuşyklar alyp barypdy. Ýöne onda
hiç hili geleşige eýe bolunmandy.
Toýly Muhammetdurdyýew
Magtymguly adyndaky TDU-nyň žurnalistika hünäriniň talyby