Owganystanda geçen bir günüň içinde ýene-de 546 adamda koronawirus ýüze
çykdy. 21 sany näsag bolsa aradan çykdy. Bu barada Tolo News habar berýär.
Döwlet Saglygy goraýyş ministrliginiň maglumatlaryna görä, Owganystanda
koronawirusa ýoluganlaryň sany 28 424 adama deň. Geçen bir günüň içinde
paýtagt Kabulyň özünde 231 adamda koronawirus ýüze çykdy. Koronawirus
pandemiýasynyň bu ýurtda öňüni almak boýunça alnyp barylýan öňüni-alyş
çäreleri gynansak-da öz netijesini bermeýär. Karantin çärelerini üznüksiz dowam
etdirmek başartmaýar. Paýtagtdaky ulag hereketlerine, adamlaryň öz öýlerini terk
etmelerini birazajyk gysgaldylan bolsa-da bular ýokanjyň täsirini gowşatmaga
ýeterlik däl hasaplanýar. Ykdysady pese düşmeleriň ýüze çykmagy bilen hökümet
tarapyndan welaýatara karantin çärelerini gowşatmaga mejbur bolýar.
Bütin döwlet boýunça koronawirus netijesinde wepat bolanlaryň jemi sany 569
adama ýetdi. Häzire çenli 8292 näsag bejergi alyp sagalmagy başardylar. Ýöne bir
zady belläp geçmegi makul bilýäris, ýagny, ýurduň Saglygy goraýyş, lukmançylyk
pudaklarynyň gowşakdygy, ilatyň durmuş üpjünçilik meselelerine duçar bolmagy
ýurduň bu ýokanja garşy göreşde esasy ejiz taraplarynyň biri bolmagy mümkin.

Toýly Muhammetdurdyýew
Magtymguly adyndaky TDU-nyň žurnalistika hünäriniň talyby