Donald Trampyň saýlaw öňi kompaniýasynyň ştabynyň 6 sany işgärinde
koronawirus ýokanjy ýüze çykdy. Bu hakda ştabyň müdiri Tima Mertu mälim
edýär.
Wekiliň aýtmagyna görä, şenbe güni Oklahama ştatynyň Talsa şäherinde
geçirilmegi meýilleşdirilýän mitinge taýýarlyk görýän saýlaw öňi ştab agzalary
koronawirusa test tabşyrdylar. Tima Mertunuň öz sözlerine esaslansak, ol şeýle
belleýär: “Howpsuzlyk protokolyna görä işgärler miting geçmeginden öňünçä
COVID-19 barlaglaryndan geçdiler. Mitingi ugrukdyrjak alty sany agzasynda
koronawirus ýokanjy anyklanyldy. Olar dessinlik bilen karantin edildi.
Koronawirus ýüze çykan 6 sany adam bilen ýakyn gatnaşykda bolanlaryň hiç biri
geçirilmegi meýilleşdirilýän köpçülikleýin çärä gatnaşmazlar. Başgalar bolsa
çäräniň öň ýanyndan antiseptik serişdelerden peýdalanarlar. Nikablary dakarlar.
Olaryň bedeniniň gyzgynlygy ölçeniler.
Şulary belläp geçsek, ABŞ Prezidenti Donald Tramp mart aýyndan bäri
adatdaky ýaly saýlawçylar bilen açyk meýdanlar we sport binalarynda duşuşmady.
Mitinge 19 müň adam gatnaşmagyna garaşylýar. Döwlet baş ýokanç keseller
boýunça hünärmeni Entoni Fuaçi we Ak öýüň koronawirusa garşy göreş
koordinatory Debora Birks ýapyk arenada geçirilýän bu miting boýunça
howsalasyny bildirdi. Muňa jogap hökmünde Ak öý munuň ýaly köpçülikleýin
çärelere gatnaşmak we onda nikap dakmak boýunça karar kabul etmek raýatlaryň
şahsy işidigini mälim etdi.
Ak öýüň Metbugat kätibi Keýli Makeneniniň bellemegine görä, koronawirus
ýokanjynyň öňüni almak we gözegçilikde saklamak baradaky merkeziň kabul eden
nikap dakmak hakyndaky maslahatlar minigde mejbury hasaplanmaýar.