Futbol älemi hem özüne ýetesi bir syýasaty bilen tapawutlanýar. Munda
başarnyk, ukyp, zehin düşünjeleri bilen bir hatarda zähmet hem yly orun eýeleýär.
Sportuň futbol görnüşi boýunça özüni görkezmegi başaran, irginsiz zähmeti bilen
tapawutlanan futbolçylary bolelin durmuş we abraý hem baýlyk garşy alýar.
Başarnygyň daş ýarýan futbolçy bolsaň beýleki ýerlerde bolşy ýaly futbolda hem
saňa eýe çykjak seniň ukybyň we utuşlaryň bilen öz klubynyň abraýyny
artdyrjaklar hem tapylýar. Olar saňa öz mähriban klubyňda söýgi bilen depýän
gollaryňy millionlary töläp satyn almaga çalyşýarlar. Hatda seniň şol klub bilen
birnäçe ýyllyk şertnamaň bar bolsa hem klubdan hem seni satyn almaga
taýýardyklaryny aýdýarlar.
Bu aýdylanlar Italiýanyň “Napoli” futbol klubynyň goragçysy Kalida
Kulibalini babatda hem şeýle. Häzirki wagta çenli onuň futbolda gazanan
üstünlikleri bilermenleri gyzyklandyrýar. onuň goragçy hökmündäki çykan
oýunlarynyň ählijesinde öz meýdançasyny ähtibarly gorandygyny görmek bolýar.
Bu bolsa futbolda möhüm zatlaryň biri. Kalida Kulibalini häzirki wagtda “Napoli”
futbol toparyndan Angliýanyň “Liwerpul” futbol topary satyn almagy
meýilleşdirýär. Bu barada “Corriere dello Sport” neşiri habar berýär.
Iňlis futbol kluby futbolçy üçin 60 million ýewro teklip edýär. Emma Italiýan
topary senegally futbolçynyň transferi üçin 100 million ýewro soraýar.
Bellenilmegine görä, “Napoli” koronawirus pandemiýasy sebäpli bütin dünýäde
futbolçylaryň nyrhlarynyň peselendigi üçin öz futbolçysyny arzan transfer etmegiň
tarapynda däl.
Şu möwsümiň başynda “Napoli” klubynyň düzüminde Kulibali ähli turnirler
boýunça jemi 21 sany oýuna gatnaşdy. Öz kluby bilen baglaşan şertnamasy bolsa,
2023-nji ýylyň 30-njy iýunyna çenli dowam eder. Şeýlelik-de “Liwerpul” goragçy
üçin birazrak köp pul sarp etmese Kulibali onuň oýun meýdançalarynda çykyş edip
bilmez.