Bilşimiz ýaly, koronawirus pandemiýasy özüniň ýaramaz täsiri bilen dünýä
ýurtlarynyň ykdysadyýetine uly zeper ýetirýär. Esasan hem, bu garyp we ýarym
garyp döwletler, ýagny ösýän ýurtlar, ilaty köp ýurtlar babatda şeýle. Karantin
çäreleriniň güýçlendirilmegi, çäklendirilmeleriň berk tertip-düzgün boýunça alnyp
barylmagy söwda, aragatnaşyk ulgamlarynyň işiniň togtadylmagyan getirdi.
Häzirki wagtda pandemiýanyň ýaýrawynyň peselmegine gözegçilik edilenok.
Sebäbi käbir ýurtlarda mysal üçin Günorta Koreýada ýokanjyň eýýäm ikinji
tolkunynyň başlanandygy hakynda habarlar ýaýrady. Çig mallaryň işlenilmezligi,
bazar ykdysadyýetiniň pese düşmegi, ilatyň belli-belli gatlaklarynyň wekilleriniň
işsiz galmagy karantin çärelerine gowşatmaga mejbur edýär. Eger şeýle ýagdaýla
rdowam etse BSGG koronawirus pandemiýasynyň ikinji tolkunynyň güýzde
başlanmak ähtimallylygynyň barlygyny duýdurýar.
Şol sebäpli hem ABŞ-nyň hökümeti şu ýylyň güýzünde başlanmagy garaşylýan
koronawirusyň ikinji tolkunyna taýýarlyk görýär. Bu hakda CNN agentligi Ak
öýüň Söwda boýunça milli geňeşiniň ýolbaşçysy Piter Nawarronyň
maglumatlaryna esaslanyp habar berýär.
Onuň sözlerine görä, Amerika hökümeti bolup geçen waka boýunça ýagdaýlara
taýýarlanýar. Ýagny maliýe-ykdysadyýeti gowulandyrmak, ilatyň azyk önümleri
we durmuş hyzmatlary bilen doly, ýeterlik derejede üpjün edilmegini ýola goýmak
boýunça meseleleriň üstünde iri gerimli işler ýola goýulýar.
Nawarro bu barada Ak öýüň doly güýji bilen işleýändigini şeýle sözler bilen
esaslandyrýar: “Biz güýzde ýüze çykmagy mümkin bolan meseleler boýunça öz
ätiýaçlyklarymyzy doldurýarys”.
Ýatladyp geçsek, Jons Hopkins uniwersitetiniň maglumatlaryna görä, ABŞ-da
2,26 milliondan gowrak koronawirus ýagdaýy anyklanyldy. 119,8 müň adam bolsa
aradan çykypdyr.