Koronawirus pandemiýasynyň ýaýrawy Günorta Koreýada biraz wagt
mundan öň peselipdi. Şol sebäpli hem ýurtda karantin çäreleri, söwda hem
aragatnaşyk ulgamlaryna girizilen çäklendirmeler hem gowşapdy.
Ýöne ýurtda koronawirusyň ikinji tolkunynyň başlanandygy hakyndaky habar
ýaýrady. Bu hakykatdan hem şeýle. Ýokanç kesel esasan hem, paýtagt Seul
şäheriniň töwereklerindäki çäklerde has hem köp derejede ýaýramaga başlady. Bu
hakynda ýurduň Keselleri gözegçilik etmek we öňüni almak merkeziniň (KCDC)
ýolbaşçysy Çon In Gen mälim etdi. Bu barada “Yonhap News Agency” habarlar
gullugy habar berýär.
Çon In Geniň sözlerine görä, ikinji tolkunyň güýzde ýa-da gyşda
ýaýramagyna garaşylýardy. Emma bu takmyny garaýyşlar nädogry bolup çykdy.
KCDC indiden beýläk, raýatlaryň biri-biri bilen ýakyn aragatnaşykda bolmaklary
netijesinde infeksiýanyň ýaýramagynyň dowam etmeginde howatyr alýar.
Öz nobatynda Seul şäher häkimligi ilaty ýakyn üç gün içinde her güni bellige
alynýan täze infeksiýa ýokuşanlaryň san görkezijileri 30-den geçse, ýa-da
hassahanalardaky ýerleriň sany azyndan 70 göterime çenli dolsa, paýtagtda
jemgyýetçilik aralygyny saklamak düzgünini girizjekdigini duýdurdy. Munuň özi
raýatlaryň saglygyny goramak we koronawirus ýokanjynyň ýaramaz täsiriniň
öňüni almak we azaltmak bilen bagly alnyp barylýan işleriň esasylarynyň biridir.
Günorta Koreýada koronawirusyň ikinji tolkuny başlandy
