Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň metbugat kätibi Dmitriý Peskow Moskwa şäherinde geçirilýän Faşizmiň üstünden gazanylan Beýik Ýeňşiň 75 ýyllygy mynasybetli geçirilýän dabaraly harby ýörişe gatnaşýan döwlet ýolbaşçylarynyň sanawyny mälim etdi. Gatnaşyjylaryň arasynda Gazagysatan, Özbegistan, Belarussiýa, Bosniýa we Gersogawiniýa, Gyrgystan, Moldowa, Täjigistan, Serbiýa, Günorta Osetiýa we Abhaziýa ýaly ýurtlaryň döwlet ýolbaşçylarynyň atlaryny agzamak bolar. Olar şu aýyň 23-24-nji iýun günleri Moskwada iş sapary bilen bolarlar. Bu barada Gazeta.Ru habar berýär. Şeýle hem, Peskow parada GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygy Sergeý Lebedow, Ýewraziýa ykdysady komissiýasynyň başlygy Mihail Mýasnikowiç, Kollektiw howpsuzlyk şertnamasy guramasynyň baş kätibi Stanislaw Zas gatnaşjakdygyny hem belläp geçdi.

Toýly Muhammetdurdyýew
Magtymguly adyndaky TDU-nyň žurnalistika hünäriniň talyby