19-njy iýunda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli “Magtymgulynyň şygryýet dünýäsi – edebi we medeni gymmatlyklarymyzy ylmy esasda öwrenmegiň ylham çeşmesi” atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Maslahatyň işi umumy mejlisden we “Berkarar
döwletiň bagtyýarlyk döwründe medeni-ruhy gymmatlyklary öwrenmegiň ylmy esaslary”, “Magtymgulynyň şahyrana dünýäsi Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwrüniň ruhy binýady”, “Diller medeniýetleri we halklary ýakynlaşdyrýar”,
“Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanyň biodürlüliginiň öwrenilişi we gorap saklanylyşy”, “Türkmenistanyň Prezidenti Hormatly Gurbanguly Berdimuhamedowyň milli ylym syýasaty: innowasion ösüşler we
möhüm wezipeler” atly bölümleriň 5-sinden ybarat bolup, oňa uniwersitetiň we beýleki ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlarynyň, doktorantlaryň, aspirantlaryň, dalaşgärleriň, talyplaryň, şeýle-de ministrliklerdir pudaklaýyn edaralarynyň hünärmenleriniň, ylmy-barlag edaralarynyň alymlaryndan, ylmy işgärleriniň 200-den gowragynyň çykyşy meýilleşdirilip, ylmy, ylmy-usuly, ylmy-amaly häsiýetdäki nutuklar diňlenildi. Maslahatda Hormatly Prezidentimiziň döwlet ýolbaşçylygy ýyllarynda medeniýetiň, sungatyň ösüşi, onuň taryhy, şeýle-de, beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň şahyrana dünýäsini öwrenmekde ýetilen menziller, şonuň ýaly-da, ylmyň we tehnologiýalaryň ileri tutulýan ugurlary boýunça alnyp barylýan ylmy işler, hususan-da, nanotehnologiýalar, himiki tehnologiýalar, biotehnologiýa, molekulýar biologiýa, oba hojalygy, ekologiýa, maglumat we aragatnaşyk
ulgamlary, kompýuter tehnologiýalary, derman serişdelerini öndürmek tehnologiýalary, ynsanperwer ylymlary boýunça çykyş edip, ylmyň durmuşa, önümçilige ornaşdyrylyşy, ýurdumyzda milli ylmy mekdebiň kemala gelşine degişli ylmy çykyşlar diňlenildi. Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda ylmy-bilimi ösdürmek baradaky edýän aladalary üçin Hormatly Prezidentimize hoşallyklaryny bildirdiler.
Toýly Muhammetdurdyýew
Magtymguly adyndaky TDU-nyň žurnalistika hünäriniň talyby