Gyrgyzystan Respublikasynyň prezidenti Sooronbaý Jeenbekow Moskwa şäherinde geçirilen Ýeňiş paradyna gatnaşmady. Çünki Russiýa iş sapary bilen baran döwlet ýolbaşçysynyň resmi wekiliýetiniň agzalarynyň iki sanysynda COVID-19 anyklanyldy. Bu hakda Sputnik habar berýär. Jeenbekow Moskwa 23-nji iýun güni uçup geldi. Myhmanlar gelenleriň ählijesi koronawirus ýokanjynyň anyklaýyş barlagy, testlerden geçdiler. Gyrgyzystan döwletiniň ýolbaşçysy bilen gelen iki adam ( Prezidentiň diwanynyň daşky syýasat bölüminiň müdüri Doniýor Sodigow we goragçyda) test netijeleri oňyn netije berdi. Şu sebäpli hem Jeenbekow köpçülikleýin dabarada gatnaşmazlyk kararyna
geldi.
Toýly Muhammetdurdyýew
Magtymguly adyndaky TDU-nyň žurnalistika hünäriniň talyby