“Rosawiasiýa” gullugynyň ýolbaşçysy Aleksandr Neradko Russiýanyň premýer-ministriniň orunbasary Tatýana Golikowa edara we “Rospotrebnadzor”-a şu boýunça hat ýollady. Onuň pikirine görä, GDA döwletleri bilen awiagatnawlary dikeltmek işlerini başlama wagt geldi. Bu barada “Kommersant” neşiri habar berýär.
Neradkonyň aýtmagyna görä, GDA döwletleri bilen awiagatnawlary gaýtadan dikeltmek flotyň ýüklenmek derejesini düýpgöter özgermegine getirer. Ýewropa döwletlerine uçuşlary amala aşyrmak bolsa ondan hem ýokary derejedäki ösüş görkezijilerini gazanmaga ýol açar.
Ýöne häzirki wagtdaky koronawirus pandemiýasy sebäpli russiýaly syýahatçylary kabul ederlermi, ýa-da etmezlermi, bu häli nämälim bolmagyna galýar. Eger GDA we Ýewropa döwletleri syýahatçylary kabul etmegi başlasa, onda bu “Rosawiasiýa”-nyň işiniň sazlaşykly ýola goýulmagyna getirer.
Toýly Muhammetdurdyýew
Magtymguly adyndaky TDU-nyň žurnalistika hünäriniň talyby