ABŞ-nyň wise-prezidenti Maýk Pens ýurtda koronawirusyň käbir ýerlerde ýaýrawynyň güýçlenendigine garamazdan, ykdysady işiniň giň derejede açylmagynyň dowam etjekdigini mälim etdi.

Bu barada Pens  koronawirus boýunça işçi toparyň brifinginde ýeşle sözleri aýtdy. Ýagny, ol şeýle sözleriň üsti bilen garaýyşlaryny “Biz Amerikanyň öňe hereket etmegini isleýäris. Häzirki wagtda amerikalylaryň durmuşy we saglygy üçin zerur çäreleri göreris” esaslandyrdy.

“Interfaks” habarlaryna görä, Pens ähli ştatlaryň ykdysady howpsuz we jogapkärli görnüşde açylyp barmagyny, wirusyň ýaýramagy güýçlenen çäklerde hem adamlary işe gaýtarmak boýunça “duýarly derejedäki öňe gidişlige” ýetilendigini belledi.

 

 

Toýly Muhammetdurdyýew

Magtymguly adyndaky TDU-nyň žurnalistika hünäriniň talybay