Şu ýylyň awgust aýynda geçiriljek ABŞ-nyň Demokratik partiýasynyň gurultaýynda prezidentlige dalaşgäri saýlamak esasan, wizual görnüşde geçiriler.
Bu barada maglumat berýän NBC teleýaýlymyna esaslanyp, “RIA Nowosti” habar ýaýradýar. Habarlarda şeýle maglumatlar hem bar: “Saglygy goraýyş edaralary bilen COVID-19 pandemiýasy barada maslahatlaşylandan soň, kongress guramaçylary ştatlaryň wekilleriniň ýörite gurultaýa gelmezlikleri hakynda karar kabul etdi. Bellenilmegine görä, delegasiýalar gurultaýda aralykdan durup ses bermekleri gerek”.
Öz nobatynda, ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň saýlaw öňi ştaby bolsa, awgust aýynda Floridada gatnaşyjylaryň beden gyzgynlygy ölçemek, jemgyýetçilik aralygyny saklamak, nikablar we antibakterial serişdeleri ýaýratmak arkaly partiýanyň doly görnüşdäki gurultaýyny geçirmäge taýýarlanýarlar. Bu bolsa saýlawçylaryň köp böleginiň oňa ses bermegine getirmegi mümkin.
Toýly Muhammetdurdyýew
Magtymguly adyndaky TDU-nyň žurnalistika hünäriniň talyby