Ýakyn geljekde Belarus Respublikasynyň Konstitusiýasyna özgertmeler girizilmegi mümkin. Bu barada ýurduň ýolbaşçysy Aleksandr Lukaşenko “Belaruskaliý” kompaniýasynyň zähmet topary bilen bolan duşuşygynda aýtdy.

Ol duşuşyga gatnaşyjylara “Konstitusiýa – esasy kanun. Ony iki ýylyň içinde taýýarlarys. Maňa birnäçe görnüşleri eýýäm teklip edip hödürnama girizdiler. Emma olar bolmaýar. Adamlar Konstitusiýa birdenkä özgertmeler girizmekden gorkýarlar. Men bolsa edil şonuň ýaly etmeli diýip oýlaýaryn” diýip öz pikirleriniň hakykatdanam ýakyn aralarda amala aşyrmak niýetiniň bardygyny mälim etdi.

Şeýle-de, onuň sözlerine görä, 1994-nji ýyldaky esasy kanuna gaýtmaklyk munuň özi yza galaklykdyr diýip belledi.

Prezident saýlawlaryndaky garşydaşy Wiktor Babariko 1994-nji ýyldaky Konstitusiýa dolanmak üçin referendum geçirmekligi teklip edipdi. Bu Konstitusiýa görä, bir adam iki möhletden köp prezident wezipesini eýeläp bilmeýärdi. Häkimiýetde Prezidentiň güýji hem pesdi.

Şeýle-de, Lukaşenko belaruslara ýurtdaky özgertmeleri medeniýetli görnüşde amala aşyrmaga wada berdi. Ýatladyp geçsek, Belarusda 9-njy awgustda prezident saýlawlary bolup geçer. Respublikada dalaşgärleri ileri sürmek boýunça gol toplamak tamamlandy. Ýedi sany dalaşgär ýeterlik derejede gol toplamagy başardy.

 

Toýly Muhammetdurdyýew

Magtymguly adyndaky TDU-nyň žurnalistika hünäriniň talyby