ABŞ-nyň Miçigan ştatynyň raýaty Mark Klark üç ýylyň içinde ikinji gezek lotoreýada 4 million dollar pul baýragyny utmagy başardy. Bu barada “UPI” habar berýär.

Klarkyň aýtmagyna görä, ol lotereýanyň ýörite gorag gatlagyny öçürýän wagtynda atasyndan galan “jadyly teňňesinden” peýdalanypdyr. Mümkin oňa şowlulyk gazanmakda şol kömek edendir. Bu Klarkyň sönmejek ynamy. Sebäbi ol muňa berk ynanýar. Iki gezek hem şol teňňe bilen ol utuş gazandy ahyryn.

Lotoreýada iki gezek 4 million dollar utuş gazanan, Mark özüniň içki duýgusyny saklap bilmän şeýle diýýär: “Hiç haçan bir gün gelip millionlary gazanaryn diýip pikir etmeýärdim. Onda-da munuň iki gezek gaýtalanmagy hyýalyňa hem gelmeýär”.

Utuşly lotoreýanyň eýesiniň mälim etmegine görä, ol pullaryny dynç almaga, wagtyny gyzykly we mazmunly geçirmäge hem-de ogly we maşgalasy üçin sarp etmegi meýilleşdirýär.