Türkmen gallaçylary ajaýyp zähmet ýeňşini gazandylar: olar 1 million 400 müň tonnadan gowrak azyklyk bugdaýy ýygnap, döwlet tabşyryklaryny ýerine ýetirdiler. Şu ýyl ýurdumyzda 690 müň gektarda bugdaýyň ýerli toprak-howa şertlerinde synagdan geçirilen ýokary hasylly görnüşleri, hususan-da, «Sähraýy», «Juwan», «Bitarap». «Ýöleten-1», «Ýöleten-3», «Türkmenbaşy-1», «Gyzylşaglawuk-25», «Miras», «Akbaş», «Ýubileýnaýa-100», «Batko», şeýle hem «Wassa» görnüşleri ösdürilip ýetişdirildi. 2020-nji ýylyň galla oragynda döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça obasenagat toplumynyň zerurlyklary üçin satyn alnan «John Deere», «CLAAS», «Case», «New Holland» kompaniýalarynyň
2 müň 200-den gowrak galla orýan kombaýnlary işledildi. Dürli ministrlikler hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan berlen ýük awtoulaglarynyň 11 müňden gowragy bugdaýy ammarlara we elewatorlara daşadylar. Möwsümde göçme abatlaýyş-mehaniki toparlaryň ýüzlerçesi hyzmat edip, zerur zatlar — ýangyç, çalgy ýaglary, tehnikalar üçin ätiýaçlyk şaýlary bilen üpjün etdiler. Meýdan düşelgelerinde mehanizatorlar, sürüjiler hem-de galla oragyna gatnaşýan beýleki işgärler üçin has amatly şertler döredildi, sungat ussatlarynyň çykyşlary, göçme söwda guraldy. Ähli toparlaryň sazlaşykly işlemegi galla oragynda guwandyryjy netijeleriň gazanylmagyna ýardam etdi. Ýurdumyzda ilkinjiler bolup, Ahal welaýatynyň gallaçylary şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirdiler. Olar ak bugdaýyň 400 müň tonnadan gowragyny taýýarladylar. Daşoguz welaýatynyň gallaçylary hem galla oragyny ýokary depginde geçirip, Watan harmanyna guşgursak bugdaýyň 265 müň tonnadan gowragyny tabşyrdylar. Lebap welaýatynyň ekerançylary saýlama
bugdaýyň 310 müň tonnadan gowragyny, Mary welaýatynyň daýhanlary 345 müň tonnadan gowragyny, Balkan welaýatynyň kärendeçi-gallaçylary bolsa ak bugdaýyň 80 müň tonnadan gowragyny ýygnadylar.