Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzda giň gerime eýe bolan taryhy özgerişleri mynasyp wasp edip, milli sungatymyzyň täze eserler bilen baýlaşmagyna uly goşant goşýandygyny, baýramçylyk çärelerinde üstünlikli çykyş
edýändigini we halk köpçüliginden gelýän köp sanly isleg-arzuwlary, şeýle hem bäsleşigiň ýeňijilerini seçip almak boýunça toparyň towakganamasyny nazara alyp, Türkmenistanyň Mejlisi karar etdi: Kerimguly Berdimuhamedowy edebiýat, medeniýet we sungat işgärleriniň, höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň we zehinli çagalaryň arasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň ýeňijisi diýip yglan etmeli we ony Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry hem-de 3500 (üç müň bäş ýüz) manat bilen sylaglamaly.
Kerimguly Berdimuhamedow — «Türkmeniň Altyn asyry» bäsleşiginiň ýeňijisi
