Birleşen Milletler Guramasynyň Ştab-kwartirasy ýerleşýän Nýu-Ýork şäherinden hoş habar gelip gowuşdy — 2020-nji ýylyň 29-njy iýunynda biziň ýurdumyz BMG-niň Baş Assambleýasynyň 75-nji sessiýasynyň başlygynyň orunbasarlygyna saýlanyldy. Bu barada Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky Hemişelik wekilhanasy habar berdi. Bu senäniň aýratyn ähmiýete eýedigini bellemelidiris. 29-njy iýunda, ýagny şu çözgüdiň kabul edilen gününde milli Liderimiziň doglan gününiň bellenilendigini bellemek ýakymlydyr. 2020-nji ýyl bolsa Türkmenistanyň Bitaraplyk derejesiniň 25 ýyllygynyň bellenilýän ýylydyr. Biziň ýurdumyz eýýäm Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň sessiýalarynyň wise-başlyklygyna altynjy gezek saýlanylýar. Mundan ozal Türkmenistan hut şu derejesinde 58-nji, 62-nji, 64-nji, 68-nji we 71- nji sessiýalara gatnaşdy. Ýurdumyza nobatdaky gezek şu wezipäniň ynanylmagy Türkmenistanyň halkara abraýynyň ýokary derejesine, milli Liderimiziň oňyn bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we giň halkara hyzmatdaşlyk ýörelgesine esaslanýan daşary syýasy ugrunyň ýokary abraýa eýediginiň aýdyň subutnamasydyr.
BAŞ SAHYPA: Syýasat Türkmenistan 6-njy gezek BMG-niň Baş Assambleýasynyň wise- başlyklygyna saýlanyldy
Türkmenistan 6-njy gezek BMG-niň Baş Assambleýasynyň wise- başlyklygyna saýlanyldy
