30-njy iýunda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we ABŞ-nyň daşary işler ministrleriniň wideoaragatnaşyk arkaly «C5+1» görnüşinde duşuşygy geçirildi. Mejlise Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Döwlet sekretary hem-de Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň daşary işler ministrleri gatnaşdylar. Taraplar syýasy-diplomatik ugur boýunça hyzmatdaşlyk meselelerine garadylar. Söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hemişe aýratyn üns berýän meselesi bolan Owganystandaky ýagdaýy
kadalaşdyrmak hem-de dürli ugurlarda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň bilelikdäki gurallaryny işläp taýýarlamak gün tertibiniň esasy meseleleri boldy.Şeýle hem sebit ähmiýetli özara maýa goýumlarynyň möçberlerini artdyrmagyň mümkinçilikleri, düzümleýin ulag-kommunikasiýa, durmuş we energetika taslamalaryny durmuşa geçirmegiň şertleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Saglygy goraýyş, energetika, ulag, daşky gurşawy goramak ulgamynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça pikir alyşmalar boldy.
Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy «C5+1» duşuşygyna gatnaşdy
