BMG-niň Ilat gaznasynyň (ÝUNFPA) ýerine ýetiriji direktory Natalia Kanemhormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna hat iberdi.
Birleşen Milletler Guramasynyň möhüm düzüminiň ýolbaşçysy öz hatynda COVID — 19 pandemiýasy zerarly şu ýylyň başyna meýilleşdirilen Türkmenistana
saparyny gaýra goýmaga mejbur bolandygyny hem-de ýakyn wagtlarda ýurdumyza gelip görmäge umyt edýändigini beýan etdi.
Türkmenistan enäniň ölümi we kesellemegi babatynda soňky alnan netijeler bilen baglylykda, Ilat gaznasynyň baştutanyny gyzyklandyrdy, şol netijeler
boýunça görkezijiler Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa sebitinde iň pes görkezijilerdir. Natalia Kanem milli saglygy goraýyş syýasatynyň hem-de Türkmenistanyň
we BMG-niň Ilat gaznasynyň arasynda 2016 — 2020-nji ýyllar üçin bilelikdäki ýurt boýunça maksatnamasynyň çäklerinde Türkmenistanyň Hökümetiniň ilatyň
saglygynyň berkidilmegine gönükdirilen çäreleriniň netijeli häsiýetini aýratyn belledi. Hanym Kanem pandemiýa şertlerinde bu ulgama ýokary derejede üns
berilmeginiň we uly möçberli maýa goýumlarynyň goýberilmeginiň dogrudygyny belleýär. Ol öz tarapyndan, ýolbaşçylyk edýän düzüminiň milli saglygy goraýyş
ulgamynyň ýeten sepgitlerini berkitmäge goldaw bermäge taýýardygyny Türkmenistanyň Baştutanyny ynandyrdy. BMG-niň ýokary wezipeli wekili hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Ilat gaznasynyň Türkmenistandaky maksatnamasyny hemişe goldaýandygy üçin hoşallyk bildirdi.