Microsoft kompaniýasy Windows 10 Mobile operasion ulgamyndan soň, Android ulgamy üçin maksatnamalary ýasamaga başlanyndan habaryňyz bardyr. Ol
indi özüniň antiwirusy – Defender maksatnamasyny mobil ulgamlar üçin hem işläp taýýarlady.Defender häzirlikçe diňe “ýaşyl robotçykly” ulgam üçin işläp taýýarlanan
bolup, ony kämilleşdirmek boýunça synaglar dowam edýär. Bu maksatnamany häzirki wagtda Microsoft 365 korporatiw akkaunty bar bolan Android enjamlarynyň
eýeleri synag hökmünde ulanyp bilerler. Mobil wersiýadaky Microsoft Deferender smartfonda zyýanly maksatnamalar bar ýa-da ýoklugyny barlaýar. Kiber hüjümleriň öňüni alýar. Bu antiwirus
maksatnamasy şübheli programma üpjünçiliginiň serişdelerini hem anyklaýar. Munuň ýaly programmalar dewaýsyň möhüm funksiýalaryndan peýdalanmagy
çäklendirýär. Meselem, öýjükli telefona ornaşdyrylan maksatnamalar poçta müşderileri ýa-da bank maksatnamalaryndan maglumatlaryň ogurlanmagynyň öňüni
alýar. Defender ýene-de howpsuz bolmadyk baglanmalary howpsuzlandyryp bilmek mümkinçiligine eýe SmartScreen funksiýasyna hem eýedir. Habarlara görä, iOS
ulgamy üçin Defender antiwirusynyň biraz soňrak çykmagyna garaşylýar.