“Bawariýanyň” hüjümçisi Robert Lewandowskiý Germaniýa çempionatynyň
2019/2020-nji ýyldaky möwsümiň iň gowy futbolçysy diýip ykrar edildi.
Polşaly futbolçy Bundesliganyň 30 sany oýnunda 33 sany gol urup, pökgini
tora salýanlaryň arasynda öňdeligi eýeläp gelýär. Mundan başga-da, Robert “Altyn
butsa” reýtinginde hem ol 1-nji orny eýeledi.
Ýatladyp geçsek, “Bawariýa” möhletinden öň çempionlygy ele saldy. Klub
Bundesliganyň soňky turunda 27-nji iýun günündäki bäsdeşlikde “Wolfsburg”
futbol topary bilen güýç synaşypdy.
Lewandowskiý 2014-nji ýyldan bäri “Bawariýa” futbol toparynyň abraýyny
gorap meýdanlarda çykyş edipdi. Onuň şertnamasy 2023-nji ýylyň ýazyna çenlidir.
Robert Lewandowskiý — Bundesliganyň iň gowy futbolçysy
