Maý aýynyň jemi boýunça Ispaniýada awtomobilleriň satuwy 34 337
ulaga çenli peseldi, bu bolsa 2012-nji ýylyň sentýabryndan bäri ýaramaz
netije bolup durýar, bu barada “Awtostat” analitik agentligine salgylanmak
bilen rossaprimavera.ru habar berýär.
Geçen ýylyň maý aýy bilen deňeşdirilende satuwyň pese gaçyşy 72,7%-
e barabar boldy. Ilkinji bäş aýyň içinde jemi 257 202 awtomobil satyldy, bu
2019-njy ýylyň ilkinji bäş aýynyň netijesinden 54,2% az. Ýeňil we ýük
awtomobillerini öndürijileriň ispan assosiasiýasynyň (ANFAC) maglumatlary
boýunça, maý aýynda ýurduň awtobazarynda söwdanyň lideri 2 881 ulag
netijesi bilen Peugeot boldy (-70,4%). Ikinji orunda 2 721 awtomobil bilen
Volkswagen (-68,9%) ýerleşdi, onuň yzyndan 2 459 awto bilen Renault (-
72,2%) gelýär. Ilkinji bäşligi 2 409 ulag bilen Seat (-79,3%) we 2 330 ulag
bilen Audi (-54,2%) jemleýär.
Ýatlap geçsek, öň ANFAC-da maý aýynda ispan kärhanalarynda
awtomobilleriň önümçiliginiň geçen ýylyň netijelerine degişlilikde 68,4%
kemelendigi habar berildi. Bir aý boýunça jemi 92 900 ulag öndürildi.
Ýöne hünärmenler “özüňi üzňelikde saklamak” döwründen soň
Ispaniýada awtosenagatyň dikelýändigini belleýärler.
BAŞ SAHYPA: Dünýa täzelikleri Ispaniýada awtomobilleriň satuwy 2012-nji ýyldan bäri ýaramaz netijelere ýetdi
Ispaniýada awtomobilleriň satuwy 2012-nji ýyldan bäri ýaramaz netijelere ýetdi
