23-nji iýunda Leonardo Di Kaprionyň 2014-nji ýylda çykan "Wirunga"
dokumental filminiň esasynda düşüriljek filme prodýuserlik etjekdigi mälim edildi
diýip, Yandex habar berýär. Onuň ssenarisi “Aý nury” filmi üçin Oskar baýragyna
mynasyp bolan Barri Jenkins tarapyndan ýazylar. Filme Netflix onlaýn
platformasynda tomaşa edip bolar. Onuň premýerasynyň geçiriljek senesi bolsa
häzirlikçe belli däl.
Oskara dalaşgär görkezilen "Wirunga" dokumental filmi Orlando fon Ainsidel
tarapyndan surata düşürilipdi. Onda Afrika milli seýilgähleriniň birinde​ dag
gorillalarynyň ýitip gitmek howpy abanýan görnüşlerini halas etmek üçin
töwekgellik edip, janyny howp astyna salýan adamlar hakda gürrüň berilýärdi.
Täze çeper filmde hem şol wakalar gaýtalanýar.
Leonardo Di Kapriondan başga-da filme Jennifer Dawisson, Filip Watson we
Oskar baýragynyň eýesi Joanna Natasegara prodýuserlik eder, ýerine ýetiriji
prodýuser hem Orlando fon Ainsidel bolar.
Mundan başga-da, filmiň ssenariçisi Barri Jenkinsiň 20-nji asyryň iň täsirli
koreograflaryndan biri Elwin Eýliniň ömür ýoly hakyndaky filmiň (“Fox
Searchlight” kompaniýasy üçin) üstünde işlejekdigi habar berilýär. Ýeri gelende
bellesek, Barri Jenkins Jeýms Baldwiniň “Bil-strit gürläp bilýän bolsady…”
romanyny ekranlaşdyrandygy üçin meşhur bolupdy.