Rus ýeňil atletikaçylary Ýeňil atletika federasiýalarynyň Halkara birleşmesine
(World Athletics), Halkara Olimpiýa komitetine we Milli olimpiýa komitetleriniň
birleşigine (ANOC) açyk hat iberdiler. BütinRussiýa ýeňil atletika federasiýasynyň
Sport komissiýasy (VFLA) halkara guramalardan VFLA-nyň doping
meselesindäki borjy sebäpli rus türgenlerini ýaryşlardan çykarmazlygy haýyş etdi.
Bu haty​ BütinRussiýa ýeňil atletika federasiýasynyň (VFLA) türgenler toparynyň
başlygy, beýiklige bökmek boýunça iki gezek Olimpiýa çempiony Ýelena
Isinbaýewa tarapyndan özüniň Instagram sahypasynda çap edildi.
Hatda şeýle diýilýär: "World athletics-iň" bizi – rus türgenlerini halkara ýaryşlarda,
şol sanda eger VFLA 2020-nji ýylyň 1-nji iýulyna çenli 5 million dollar jerime
tölemedik ýagdaýynda Tokio Olimpiýa oýunlarynda çykyş etmek
mümkinçiliginden mahrum etjekdigi sebäpli, Size ýüzlenmäge mejbur bolýarys.
Biziň pikirimizçe, Ýeňil atletika federasiýalarynyň Halkara birleşmesiniň arassa
rus türgenleriniň halkara ýaryşlarda çykyş etmegini ret etmäge hukugy ýok. Biziň
çetleşdirilmegimiz sport ýörelgesiniň we arassa türgenleriň hukuklarynyň gödek
bozulmagydyr.
Mundan öň rus ýeňil atletikaçylary Mariýa Lasitskene, Sergeý Şubenkow we
Anjelika Sidorowa Russiýanyň prezidenti Wladimir Putine açyk hat iberipdiler.
Ýatladýarys, Ýeňil atletika federasiýalarynyň Halkara birleşmesi VFLA 5 million
dollar jerime töleýänçä rus sportçularyna bitarap statusy bermekden ýüz öwürdiler.
Eger 1-nji iýuldan öň tölenmese, jerime iki esse artar we rus türgenleri halkara
ýaryşlara hatda bitarap statusda hem gatnaşyp bilmezler.