Soňky ýyllarda global buzgaýmak bazary yzygiderli ösýär. Dürli seljeriji agentlikleriniň garaýyşlaryna görä, ýakyn geljekde CAGR 4-8 göterime çenli ösmegine garaşylýar. 2018-nji ýylda dünýä buzgaýmak bazary azyndan 58 milliard dollara çenli bahalanan we “Statistika” prognozyna görä, 2024-nji ýyla çenli onuň gymmaty 75 milliard dollara göteriler. IMARC Group bolsa 2022-nji ýyla ýetenden soň, bazaryň sygymy 78 milliard dollara çykmagyny takmynlaýarlar. 2019-njy ýylda global buzgaýmak eksportynyň mukdary 4,1 milliard dollar diýlip bahalandy. Iň uly eksportçylar Fransiýa (557 million dollar), Germaniýa (556 million dollar), Belgiýa (423 million dollar) we Gollandiýa (315 million dollar), ondan soň ABŞ (250 million dollar) hasaplanýar. Şeýle-de, Ýewropa ýurtlary buzgaýmak importy boýunça hem öňdeligi saklap gelýärler. Olar Germaniýa (421 million dollar), Beýik Britaniýa (411 million dollar) we Fransiýa (276 million dollar). Olardan soňky orunlary Hytaý (103 million dollar), ABŞ (84 million dollar) we Saud Arabystany (83 million dollar) ýaly ýurtlara degişlidir. “Mintel” statistika agentligi seljermelerine görä, Hytaýyň buzgaýmak bazary ortaça ýyllyk ösüş derejesi 11,9 göterimi emele getirdi. Soňky bäş ýylyň içinde 10 milliard dollara ýeter. Hytaý bilen bir hatarda Hindistan, Indoneziýa, Wýetnam ýaly Aziýanyň başga döwletlerinde sarp edilişiň duýarlykly derejede ösmegien garaşylýar. Pars aýlagy ýurtlarynyň bazarlarynda ösüşler bolar. Olarda öndürilen önümler (ýogurtlar, pes koloriýaly, laktoza goşulmadyk buzgaýmak) tendensiýasy işjeň rowaçlanýar.

Toýly Muhammetdurdyýew
Magtymguly adyndaky TDU-nyň žurnalistika hünäriniň talyby