ABŞ-nyň Boston uniwersitetiniň ýokanç keseller milli laboratoriýasynyň alymlary “Signify” kompaniýasy bilen bilelikde koronawirus ýakanjyny 25 sekuntda ýok etmegiň täze usulyny oýlap tapdylar. Bu barada “Rossiýskaýa gazeta” neşiri habar berýär. Berilýän maglumatlara görä, täze çyralardan ýaýraýan ultramelewşe şöhlelenme SARS-Cov-2 wirusyny netijeli derejede ýok edýär. Gyzykly ýeri, hünärmenler bilen zeperlenen önüme ultramelewşe şöhleler bilen dürli dozalarda çemeleşip görýärler. Mälim bolmagyan görä, 5 megajoully dozalamakda wirusyň bir metr kwadrat meýdanda ýaýramak howpuny 99 göterime çenli azaldar. Bu görkeziji 22 megajoul çenli göterilende bolsa, “täçli ýow” 25 sekuntda doly ýok bolup gider. Görşüňiz ýaly bu görlüp eşidilmedik waka. Bu açyşyň netijesinde pandemiýany aradan aýyrmak mümkinçiligi, dünýäniň öňki ykdysady, syýasy,
medeni we söwda gatnaşyklaryny gaýtadan dikeltmek mümkinçiligi dörär.
Toýly Muhammetdurdyýew
Magtymguly adyndaky TDU-nyň žurnalistika hünäriniň talyby