Galaxy Note 20 görnüşdäki fabletleri Samsung şu ýylyň 5-nji awgustynda
halka hödürlemegi meýilleşdirýärdi. Internet saýtlarynda bolsa häzirki wagta
çenli olaryň dürli häsiýetleri hakynda insaýder maglumatlary we render
suratlary ýaýradylyp gelinýärdi.
Golaýda bolosa Samsung özüniň Russiýa we Ukrainadaky saýtlarynda
garaşylmadyk ýerden häli resmi taýdan yglan edilmedik smartfon suratyny
hödürledi. Daşary ýurt habarlarynda ony Galaxy Note 20 Ultra modeli
diýýärler. Kompaniýa öz ýalňyşyny düşünip, saýtlardan bu suratlary aýyrdy.
Ýöne şeýle bolsa-da dürli neşirler ony özlerine göçürip almaga ýetişdiler.
Ýatladyp geçsek, Günorta Koreýaly tehnogigantyň Samsung Display
kompaniýasy golaýda täzeçe – LTPO tehnologiýasy esasynda taýýarlanan
displeýi barada aýdypdy. Samsung ony ilkinji gezek özüniň Galaxy Note 20
fabletinde ulanmakçy.
Toýly MUHAMMETDURDYÝEW,
Magtymguly adyndaky TDU-nyň žurnalistika hünäriniň talyby.