Halkara Arbitraž kazyýeti, Eýranyň Milli Gaz kompaniýasy bilen
“Türkmengaz” döwlet konserniniň arasyndaky tebigy gaz bergisi bilen
baglanyşykly jedelli mesele babatda iki tarap üçin hem karar kabul etdi. Bu barada
Eýranyň öňdebaryjy habar beriş serişdeleri belläp geçýärler.
“Orient.tm” habarlar gullugynda hem bellenilip geçilişi ýaly, Halkara Arbitraž
kazyýeti, Eýranyň Milli Gaz Kompaniýasy (NIGC) bilen “Türkmengaz” döwlet
konserniniň arasyndaky jedelli mesele boýunça seljerme işlerini geçirdi we kazyýet
düzgünlerine laýyklykda, kabul edilen kazyýet kararynyň oňa gatnaşýanlaryň
razylygy bolmazdan mälim edilmeýändigi bellenilýär.
Şeýle hem Eýranyň ýaş žurnalistler toparynyň ýurduň Eýranyň Nebit
ministrliginiň metbugat gullugyna salgylanyp ýaýradan habaryna görä, Halkara
Arbitraž kazyýetiniň bu kararyna öz garaýşyny we pikirini beýan eden Eýranyň
Nebit ministrliginiň metbugat beýanatynda “Türkmengaz” döwlet konserni bilen
Eýranyň milli gaz kompaniýasynyň arasyndaky kazyýet işinde ýeňiji ýa-da ýeňlen
tarapyň ýokdugy, munuň söwda kazyýet işidigi bellenilip geçilipdir.
Eýran tarapynyň pikirine görä, kararyň dürli taraplary bolup, käbir
ýagdaýlarda “Türkmengaz” döwlet konserniniň garaýyşlary tassyklanýar, käbir
halatlarda bolsa Eýranyň milli gaz kompaniýasynyň pikirleri goldanylypdyr.
Eýran Yslam Respublikasynyň Nebit ministrliginiň metbugat beýanatynda
“Bu karar iki dostlukly we goňşy ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň mundan
beýläk-de ösdürilmegine goşant goşar” – diýip bellenilýär.
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan bilen Eýran köp ýyllardan bäri energetika
ulgamynda hyzmatdaşlyk edip gelýär. Ýöne soňky ýyllarda Eýranyň milli gaz
kompaniýasy (NIGC) ikitaraplaýyn şertnamalara laýyklykda Eýran tarapyna
berilýän türkmen tebigy gazy üçin töleglerini amala aşyrman, gaty uly möçberde
bergi emele getirdi.
«Türkmengaz» döwlet konserniniň ýolbaşçylary Eýranyň wekilleri bilen
tebigy gazy üçin bergi meselesi boýunça geçirilen gepleşiklerde belli bir karara
gelmegiň mümkin däldigini mälim edipdi. Bilelikdäki we özara kabul ederlikli
kararyň kabul edilmegi üçin taraplar halkara arbitraž kazyýetine ýüz tutmak
kararyna gelipdiler.
BAŞ SAHYPA: Syýasat Türkmenistan bilen Eýranyň jedelli gaz meselesi boýunça Halkara arbitraž kazyýeti karar...
Türkmenistan bilen Eýranyň jedelli gaz meselesi boýunça Halkara arbitraž kazyýeti karar çykardy
