30-njy iýunda Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministri
E.Annamuhammedowyň Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň
Birleşen Patyşalygynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly
Ilçisi Hýu Stenli Filpott bilen duşuşygy geçirildi.
Işjeň ýagdaýda geçirilen gepleşikleriň dowamynda taraplar iki ýurduň
özarabähbitli ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklary bilen bagly meseleleri
ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle-de ileri tutulýan ugurlar, şol sanda
maliýeleşdirmek we maýa goýum boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmegiň
mümkinçilikleri barada bellenilip geçildi.
Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Beýik Britaniýanyň we
Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Hökümetiniň arasynda
Durnukly ykdysady ösüşi ýokarlandyrmak barada özara düşünişmek hakyndaky
Ähtnama gol çekildi.