2020-nji ýylyň 25-nji sentýabrynda Aşgabat şäherinde Ruhyýet köşgünde
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi geçiriler. Türkmenistanyň Halk
Maslahatynyň mejlisini guramaçylykly geçirmek hakynda resminama Gurbanguly
Berdimuhamedow gol çekdi.
Resminama laýyklykda, Halk Maslahatynyň mejlisini ýokary derejede
geçirmek boýunça guramaçylyk topary dörediler we onuň düzümi tassyklanylar.
Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde
onuň agzalaryna ýüzlenip, öňde boljak möhüm wakanyň – 25-nji sentýabrda
geçiriljek Halk Maslahatynyň mejlisiniň ähmiýetini nygtady. Şonuň ertesi güni
zähmetde uly üstünlikler gazanan we döwlet sylaglaryna hödürlenen
raýatlarymyzy sarpalamak dabarasy bolar, 27-nji sentýabrda bolsa biz baş
baýramymyz — Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününi giňden we dabaraly
ýagdaýda belläris diýip, milli Liderimiz aýtdy.
25-nji sentýabrda Halk Maslahatynyň mejlisi geçiriler
