Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň
söwdalarynda geleşikleriň 77-si hasaba alyndy.
Daşary ýurt puluna BAE-niň, Türkiýäniň, Owganystanyň we beýleki
ýurtlaryň işewür toparlarynyň wekilleri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän
zawodlar toplumynda öndürilen binýatlyk ýagy, az kükürtli ýangyç mazudyny
satyn aldylar. «Türkmengaz» döwlet konserninde öndürilen dürli görnüşli
polietilen we polipropilen önümleri hem-de «Türkmenhimiýa» döwlet konserninde
öndürilen karbamid döküni Russiýanyň, Şweýsariýanyň, Gonkongyň, Omanyň,
Owganystanyň, Özbegistanyň we beýleki ýurtlaryň telekeçileriniň geleşikleriniň
esasyny düzdi.
Bulardan başga-da, daşary ýurt puluna nah ýüplügi hem-de buýan köküniň
gury galyndysyny Beýik Britaniýadan, BAE-den, Türkiýeden, Serbiýadan,
Pakistandan, Azerbaýjandan gelen işewürler satyn aldylar.
Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 51 million 698 müň dollaryndan gowrak
boldy.
Manat serişdelerine Russiýanyň, Beýik Britaniýanyň, BAE-niň, Pakistanyň,
Ermenistanyň telekeçileri nah ýüplük we el haly önümlerini satyn aldylar.
Geleşikleriň jemi bahasy 9 million 732 müň manatlykdan gowrak boldy.
Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin «Türkmengaz» döwlet konserninde
öndürilen 43 million 631 müň manatlykdan gowrak ýokary dykyzlykly polietilen,
şeýle hem pagta lintini satyn aldylar.
BAŞ SAHYPA: Täzelikler Türkmenistanyň biržasynda geçen hepdede 51 million 698 müň dollarlyk geleşik baglaşyldy
Türkmenistanyň biržasynda geçen hepdede 51 million 698 müň dollarlyk geleşik baglaşyldy
