Ysraýylyň “Redefine Meat start up” kompaniýasy et önümleriniň söwdasy
bilen meşgullanýanlar üçin 3D printerleriniň kömegi bilen döredilen et önümlerini
hödürlemekçi. Üns bermeli ýeri, munuň ýaly usulda et taýýarlamak haýwanlara
zeper ýetirmeýär. Anygrak edip aýdanda, döredilen et däl, belki haýwan
muskullarynyň düzülişine öýkünýär. Çig mal serişdesi wezipesini bolsa ösümlikler
eýeleýär.
Dünýädäki iň iri maliýe kinglomeratlaryndan biri bolan Barclays
maglumatlaryna görä, 2029 ýyla baryp munuň ýaly önümleriň global söwda
mukdary 140 milliard dollara ýetmegi mümkin. Bu bütin dünýäde et bazarynyň
10%-ini emele getirýär.
Redefine et çap ediji enjamy sagadyna 13 kilogram önümi öndürip biler.
Ýene-de bir üns çekmeli tarapy bu önümleri hakyky et önümlerinden arzan
bahadan satyn alamk mümkinçiligi dörediler.

Baýramow Baýram,

Türkmen oba hojalyk institutynyň 2-nji ýyl talyby.