Prezident Sooronboý Jeenbekow Gyrgyzystan Respublikasynyň “Jogorku
Keneşi” deputatlygyna saýlawlary geçirmek barasynda permana gol çekdi.
Gyrgyzystanyň “Kabar” milli habarlar agentliginiň mälim etmegine görä,
saýlawlar 2020-nji ýylyň 4-nji oktýabr – ýekşenbe güni geçirilmegi
meýilleşdirilýär.
Bir palataly ýokary geňeş 120 adamdan ybarat bolup, olar bäş ýyl möhlete
partiýalardan görkezilen dalaşgärleriň arasyndan saýlanýar. Ýurtdaky alty
partiýanyň agzalaryndan ybarat bolan häzirki parlament 2015-nji ýylyň 4-nji
oktýabryndaky saýlawlarynda düzülipdi.