3-nji iýul güni Gazagystanyň paýtagtynda ýurduň Birinji Prezidenti – Ýelbaşi
Nursoltan Nazarbaýewe bagyşlanylyp dikeldilen heýkeliň açylyş dabarasy bolup
geçdi. Bu barada “KazinForm” maglumat çeşmesi habar berýär.
Bellenilmegine görä, dabarada Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart
Tokaýew onlaýn görnüşde çykyş edipdir. Döwlet ýolbaşçysy öz nutugynda,
Nursoltan Nazarbaýewi döwletiň strategik ýoluny belgiläp beren we halky
jebisleşdiren, döwrebap Gazagystanyň esasçysy diýip belläp geçdi.
Muny ýene-de Prezidentiň öz sözleri bilen tassyklasak, şeýle diýilýär:
“Parahatlyk we durnukly ösüş, abadanlyk we agzybirlik – bu Ýelbaşynyň
syýasatynyň netijesidir. Her bir döwletiň taryhynda özünde öçmejek yz galdyran
şahsyýetler bolýar. Ösüp gelýän ýaş nesilleriň öňündäki mukaddes borç – olaryň
hyzmatlaryny gadyrlamakdan we hormat goýamakdan ybarat bolmalydyr”.
Ýadygärlik Milli howpsuzlyk uniwersitetiniň öňünde, ýakynlaşyp gelýän
ýubileý sene – 6-njy iýul güni Nursoltan Nazarbaýewiň 80 ýaşa dolmagy
mynasybetli dikeldildi. Şeýle-de 6-njy iýul güni ýurtda paýtagt güni hem
bellenilýär. Bellenilmegine görä, Ýelbaşa bagyşlap Gazagystanyň başga
şäherlerinde we daşary ýurtlarda hem ýadygärlikler dikeldilen hasaplanýar.
Nazarbaýewiň täze heýkeli açyldy
