Bu günki gün bütin dünýäde kynçylyklary döretmegini dowam etdirýän
koronawirus pandemiýasynyň ýagdaýyny bahalan Pan Amerika saglygy goraýyş
guramasynyň (PASST) müdiri doktor Karissa Etýenn “Koronawirus bilen
göreşmek kyn, emma häli umyt bar” diýip nygtaýar.
Bu beýanat ýaýradylan wideolarda bolsa Bütindünýä saglygy goraýyş
guramasynyň (BSGG) sebitdäki ofisiniň Twitterdäki sahypasynda ýerleşdirildi.
COVID-19-yň egri çyzygyny özgertmek hem-de ony pes derejede saklamak
üçin häli köp işler etmek gerekligini aýtýan Etýeniň bellemegine görä,
syýahatçylary barlamak keseliň täze halatlaryny anyklamak we karantini öz içine
alýan täze çäreleri yglan edýän ýagdaýda olaryň her birini özüne meňzeş ýagdaýa
uýgunlaşdyrmak gerek bolar.
Bulardan başga-da, hünärmenler tarapyndan bellige alnan maglumatlara
esaslansak, häzirki günlerde köp sanly döwletler uçuşlary täzeden başlandygy
sebäpli ýokarydaky zerur çäreleri tizlik bilen yglan etmek möhümligi ýüze çykýar.
Öňräk BSGG-nyň Russiýadaky wekili Melita Wuýnowiç häzirki şertlerde
koronawirus bilen kesellänleriň sanynyň köpelmegi mümkinligi sebäpli serhetleri
açmak howpy hakynda duýdurypdy.
Şeýle-de BSGG-niň ýolbaşçysy Tedros Adhanom Gebreýesus koronawirus
pandemiýasynyň ýaýraýandygyny belläp geçip, adamlaryň durmuşynda
koronawirusyň barlygy adaty ýagdaýa öwrülýändigini mälim etdi.
Pandemiýany aradan aýyrmak barada möhüm çäreler
