Hytaýly alymlaryň doňuz grippiniň täze pandemiýany emele getirmegi
mümkin bolan täze görnüşi barasyndaky barlag netijeleri oňyn görkezijileri
görkezmedi.
Bu barada Hytaý Daşary işler ministrliginiň wekili Çjao Liszýan mälim edýär.
Daşary işler ministrliginiň wekili häkimiýet we hünärmenleriň kesele gözegçilik
edýändiklerine goşmaça hökmünde şulary belläp geçýär.
“Barlaglarda peýdalanylan maglumatlaryň mukdary doly derejede ynanarly
däl!”.
Ýatladyp geçsek, öňräk, hytaýly alymlar doňuz gripiniň täze pandemiýany
emele getirmegi mümkin bolan täze görnüşini açypdylar. G4 diýip atlandyrylan
täze wirus ştammy 2009-njy ýylda pandemiýa sebäp bolan H1N1 ştammy bilen
genetik görnüşde baglanan bolup, adamlara ýokuşmak howpynyň mümkinligi
boýunça ähli belgilere eýedigi mälim edilipdi.