Mýanmanyň demirgazygyndaky Kaçin ştatynyň Phakan şäheriniň çägindäki
gymmatbahaly daşlary gazyp alynýan kände bolup geçen ýer göçüşi sebäpli aradan
çykanlaryň sany 172-ä ýetdi.
Bu barada adatdan daşary ýagdaýlar hyzmatyny alyp barýan Mýanma ýangyn
departamenti habar berdi. Bu barada hadysanyň geçen ýerinde iki günden bäri iş
alyp barýan gözleg-halas ediş toparynyň wekili şeýle diýýär: “Häzire çenli jemi
172 adamyň jesedi tapyldy. Ýaralanan 54 adam bolsa keselhanalarda bejergi
alýar”.
Bir gün öň ýer göçüşi netijesinde 162 adamyň aradan çykanlygy hakynda
mälim edildi. Phakanyň çägindäki nefrit känlerinde heläkçiliklere getiren ýer
süýşmesi ýygy-ýygydan bolup durýar. Mahlasy, ýurduň jadeit we nefrit gazyp
almak boýunça esasy magdanlary şu ýerde ýerleşýär. Bu gymmatbahaly daşlar
goňşy döwletlere, esasan hem, Hytaýa eksport edilýär.
Agyr tehnikalar işledilýän känleriň administrasiýasy daşlary gözlemek işine
garaşsyz gözlegçileri hem çekýärler. Ýer süýşmeleri ýüze çykan wagty bolsa
köplenç garaşsyz gözlegçiler aradan çykýarlar.