Marafon ýaryşlarynyň guramaçylary Mýunhende geçirilmeli oýunlaryň
formatyny özgertýändigini yglan etdi. Sport ýaryşlary 2020-nji ýylyň 11-nji
oktýabrynda geçirmek meýilnamalaşdyrylýar. Guramaçylar marafon
gatnaşyjylarynyň sanyny 12,6 müň adama çenli azaltdy. Marafonyň ylgaw
aralygyny bolsa gysgaldyldy. Indi ylgawçylar öňki 42 km-iň ornuna 30 km aralygy
geçerler.
Mundan başga-da, guramaçylar gatnaşyjylaryň howpsuzlygyny üpjün etmek
üçin kadalar toplumyny we gigiýena instruksiýalaryny hem işläp taýýarladylar. Bu
barada Mýunhen marafonynyň direktory Ýorg Wenig şeýle diýýär: “Biziň ähli
kararlarymyzy tassyklamak üçin Mýunhendäki degişli edaralara iberildi. “Biz
Mýunhende duşuşyp, “2020 –nji ýylky marafony başgaça geçireris” şygary
astynda marafony ýola goýmagy meýilnamalaşdyrýarys”.
Mýunhen marafony başgaça geçiriler
